Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly Garabagda iki azeri esgeri öldürildi


Bölüniji sebit bolan Dagly Garabag serhetinde bolan söweşde iki sany azeri esgeri öldürildi.

Ermeni goldawyndaky Dagly Garabag goşuny öz esgerleriniň şenbe güni front liniýasynyň demirgazyk-gündogarynda azeri «diwersiýasyna» gaýtawul berendigini aýdýar.

Azerbeýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň ýitgi çekendigini tassyk etdi, ýöne esgerleriň ermeni «diwersiýasyna» gaýtawul berenlerinde ölendigini aýtdy.

Bu şu hepdede bolan ikinji çaknyşykdyr. Sişenbe güni Azerbeýjan özüniň iki esgeriniň, Ermenistanyň bolsa üç esgeriniň öldürilendigini aýdypdy.

Emma ermeni güýçleri Dagly Garabagdaky çaknyşykda ýitgi çekendigini inkär edýär.
XS
SM
MD
LG