Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda bir gürji harbysy heläk boldy


Owganystanyň günortasynda bir gürji harbysy heläk bolup, ýene biri ýaralandy.

Talyplara garşy operasiýanyň gidişinde el granatynyň partlamagy netijesinde bu ýagdaýyň dörändigini Gürjüstanyň goranmak ministriniň orunbasary Nodar Harşiladze aýtdy.

Bu Gürjüstanyň Owganystanda ilkinji pidasydyr. Halkara güýçleriň düzümine girýän müň töweregi gürji harby gullukçysy, esasan, Helmand welaýatynda ýerleşýär.

Mundan öň Owganystandaky NATO-nyň komandowaniýesi bazar güni talyplaryň hüjümi netijesinde halkara güýçlerden iki harbynyň heläk bolandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG