Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistandaky partlamada azyndan 7 adam ýaralandy


Şu gün daňdan Täjigistanyň paýtagty Duşenbedäki gijeki klublaryň birinde ýüze çykan partlamada azyndan 7 adam ýaralandy.

Täjigistanyň Howpsuzlyk gullugynyň resmileri bu partlamanyň stoluň astynda goýlan bir partlaýyjy enjamyň partlamagy netijesinde ýüze çykandygyny mälim etdiler.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepdäniň anna güni ýurduň Hojent şäherinde hem janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda 2 sany polisiýa işgäri ölüp, 20-den gowrak adam ýaralanypdy.

Ýöne ýurduň organ işgärleri bu iki wakanyň arasynda baglanyşyk ýokdur diýip hasaplaýandyklaryny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG