Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bleýer kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny soňa süýşürdi


Şu gün Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Toni Bleýer protestçileriň hüjüm etmek howpundan ätiýaç edip, özüniň ýakynda çapdan çykan kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny başga güne geçirmäge mejbur boldy.

Toni Bleýeriň metbugat sekretary häzirki ýüze çykan ýagdaý sebäpli Londonyň merkezindäki kitap dükanynda onuň planlaşdyran awtograf bermek çäresiniň hem ýatyrylandygyny aýtdy.

Toni Bleýer özüniň «A Journey», ýagny «Syýahat» diýlip atlandyrylýan bu memuar kitabynda 1997-2007-nji ýyllar aralygynda Britaniýa ýolbaşçylyk eden ýyllarynda alyp baran syýasatyny gorap, köp delliller getirýär.

Ol 2003-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Yraga garşy başyny başlan uruş hereketlerini-de ýakyndan goldapdy.

Şu geçen şenbe güni Irlandiýanyň paýtagtynda urşa garşy protestçiler Toni Bleýeri köwüş we ýumurtga bilen kesekläpdiler.
XS
SM
MD
LG