Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Floridadaky bir ybadathana Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirmekçi


Birleşen Ştatlaryň Florida ştatyndaky hristian ybadathanalaryndan biri şu hepdäniň ahyrynda, 11-nji sentýabr hüjüminiň ýyl dönümine gabatlap Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirmekligi planlaşdyrýandygyny yglan etdi.

50 töweregi agzasy bolan «Dove world outreach center» diýlip atlandyrylýan bu ybadathananyň pastory Terri Jons Gurhan ýakmak çäresiniň yslam radikalizmine garşy jogap hökmünde geçiriljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton we Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Filip Krowleý bu planlaşdyrylýan çäräni ýazgaryp, ony masgaraçylykly we prowokasion çäre diýip atlandyrdylar.

Hristian katolik dininiň merkezi bolan Watikanyň dini liderleri hem bu çäräniň gahar-gazap döretjek ýerliksiz çäre boljakdygyny bellediler.

Floridadaky hristian ybadathanasynyň Gurhany ýakmak boýunça planlaşdyrýan bu aksiýasy eýýäm Owganystanda we Indoneziýada köpçülikleýin protest çykyşlarynyň möwç almagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG