Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Gurhan ýakmak aksiýasyndan el çekmeklige çagyrýar


Şu gün prezident Barak Obama Florida ştatynda Gurhan ýakmak aksiýasyny planlaşdyrýan hristian ybadathanasynyň ýolbaşçysyny bu plandan el çekmeklige çagyrdy.

Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Florida ştatyndaky hristian ybadathanalaryndan biri şu hepdäniň şenbe güni, 11-nji sentýabr hüjüminiň ýyl dönümine gabatlap Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirmekligi planlaşdyrýandygyny yglan edipdi.

50 töweregi agzasy bolan «Dove world outreach center» diýlip atlandyrylýan bu ybadathananyň pastory Terri Jons Gurhan ýakmak çäresiniň yslam radikalizmine garşy jogap hökmünde geçiriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem, ol bu çäräniň üsti bilen Yslam dininiň şeýtany dindigine dünýäniň ünsüni çekmekligi maksat edinýändigini nygtady.

Dünýäniň käbir ýurtlarynyň liderleri beýle çäräniň dini konfliktlere has-da meçew bermeginin mumkindigini duýduryp, muny ýazgaryp çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG