Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda gizlin zawodyň bardygy habar berilýär


Tähranyň 120 kilometr demirgazyk-günbatarynda, dagda urany baýlaşdyrýan gizlin zawodyň bardygyny Eýranyň oppozisiýa wekilleri yglan etdi.

Kazwin welaýatynyň Abiek etrabynda zawodyň gurluşygynyň 2005-nji ýylda başlanandygyny eýran halkynyň mojahetler guramasy habar berdi.

Oppozisiýa wekili Alyreza Jafarzadek Waşingtonda bolan metbugat konferensiýada urany baýlaşdyrmak boýunça enjamlaryň işleýändigini, onuň Eýranyň Goranmak ministrligine degişlidigini aýtdy.

Bu maglumatynyň dogrudygyna Waşington şübhe bildirdi. Habar agentlikleri amerikan administrasiýasynyň wekilleriniň biriniň zawodyň bardygyny Waşingtonda bilýändikleri, ýöne ony Eýranyň ýadro programmasy üçin ulanýandygyna hiç hili tassyklamanyň ýokdugy baradaky aýdanlaryny getirýärler.

Eýran halkynyň mojahetler guramasy ABŞ-da terroristik guramalaryň sanawyna girizildi.
XS
SM
MD
LG