Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý talyplary gepleşik geçirmäge çagyrdy


10-njy sentýabrda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý talyp gozgalaňçylarynyň lideri Molla Omary zorlukdan el çekip, ýurtda parahatçylygy dikeltmek ugrunda gepleşiklere başlamaga çagyrdy.

Bu barada Hamid Karzaý Pitre baýramy mynasybetli owgan ministrleri bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Prezident Karzaý owganlary birek-biregi öldürmegi bes etmäge çagyrdy.

Geçen hepde owgan prezidenti ýurtdaky parahatçylyk boýunça Ýokary geňeşiň dörediljekdigini yglan etdi. Bu geňeş talyp pitneçileri bilen parahatçylygy ýola goýmak boýunça gepleşikler bilen meşgullanar.

Ýakynda internetde Molla Omaryň ýüzlenmesi peýda boldy. Şol ýüzlenmede ol 9 ýyl dowam eden urşy özleriniň bahym ýeňjekdiklerini aýdýar.
XS
SM
MD
LG