Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hristian pastory Gurhan ýakmak aksiýasyny geçirmez


11-nji sentýabr hüjüminiň ýyl dönümine gabatlap Florida ştatynda Gurhan ýakmak aksiýasyny gurnamakçydygyny yglan eden hristian pastory şu gün beýle çäräni geçirmejekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Florida ştatyndaky bu hristian ybadathanasynyň pastory Terri Jons şu gün Nýu-Ýorkdaky NBC telekanalyna beren interwýusynda «Biziň Gurhany ýakmajakdygymyz anyk. Bu gün ýakmakçy däl, asla ýakmakçy däl» diýip, nygtady.

Ýakynda pastor Terri Jonsyň Gurhany ýakmak aksiýasyny geçirmekçidigini aýdyp, eden beýanaty dünýäniň dürli ýurtlarynda ýiti tankydy reaksiýalary döretdi. Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri, şol sanda, prezident Obama hem muny ýazgaryp çykyş etdi.

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň käbir ýokary derejeli resmileri-de hristian ybadathanasynyň Gurhan ýakmak planlaryny tankytladylar. Muny ýazgaryp çykyş eden resmileriň hatarynda Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katerin Aşton dagylar-da boldy.
XS
SM
MD
LG