Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Dagystanda ondan gowrak jeňçini öldürdi


Orsýet şu gün howpsuzlyk güýçleriniň Dagystan respublikasynda geçiren reýdinde güman edilýän jeňçileriň üçüsiniň öldürilendigini aýtdy.

Polisiýa şu gün irden Çeçenistan bilen serehete golaý Komsomol obasynda bir öýüň daşyny gabady.

Içeri işler ministriginiň sözçüsi ol ýerdäki pitneçileriň tabyn bolmandygyny we ýaraglaryny goýdurjak bolup töwella eden oba adminstratoryny öldürendiklerini aýdýar. Şondan soňky söweşde iki milisioner öldürildi.

Howpsuzlyk güýçleri ýekşenbe güni welaýat paýtagty Mahaçgalada bir polis resmisi gabawa salnyp öldürilenden soň reýd geçirdi. Netijede polisiýa bu ölüme dahylly hasaplanýan 8 pitneçini öldürdi.
XS
SM
MD
LG