Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goraýan komitet Astanany tankytlaýar


Žurnalistleri goramak baradaky komitet gazak häkimiýetleriniň ýurtdaky metbugat azatlygyny çäklendirýandigini aýdyp, olary tankyt etdi.

Bu barada ýaýradylan täze hasabatda ÝHHG-niň ýolbaşçylygyny almazdan öň resmi Astananyň ýurtdaky adam hukuklary we metbugat azatlygy bilen bagly ýagadaýy gowlandyrmak ugurynda iş alyp barjakdygyny wada berendigi ýatladylýar. “Gazagystandaky häzirki ýagdaý bolsa gazak häkimiýetleriniň bu wadalaryny ýatdan çykaryp, repressiw çäreleri ulanmagy artdyrandyklaryna şaýatlyk edýär” diýlip, hasabatda bellenýär.
XS
SM
MD
LG