Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň BMG-däki ygtyýarlyklaryny artdyrmagy oňlanmady


Ýewropa Bileşiginiň BMG-da öz ygtyýarlyklaryny artdyrmagy boýunça teklip netijesiz tamamlandy. Olaryň öňe süren rezolýusiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bütin Birleşigiň adyndan çykyş etmäge hukuk gazanmakçy bolýarlar.

BMG agza döwletler sişenbe güni bu meseläni maslahata goýmak teklibine ses berenlerinde, köpçülik garşy çykdy.

Karib sebitinindäki we Afrikadaky döwletler, şeýle-de Eýran bilen Wenesuela rezolýusiýanyň sese goýulmagyny goldamadylar.

Bu rezolýusiýa garşy durýan döwletler Ýewropa Bileleşigi BMG-da goşmaça hukuklara eýe bolar diýip alada edýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň agzalary BMG-nyň täze sessiýasynda bu rezolýusiýany ýaňadan öňe sürjekdiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG