Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar: Eýran Ýadro gözegçiligi gullugyny gorkuzmaga çalyşýar


Günbatar ýurtlary şu gün inspektorlary ýurda goýbermedik Eýrany BMG-niň atom energiýasy gullugyny gorkuzjak bolmakda aýypladylar.

Halkara atom energiýasy gullugynyň 35 agzaly geňeşiniň Wenada, ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen sessiýasyndan soň Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa bir beýanat ýaýratdy.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Glin Deýwis hem Eýrany halkara inspektorlaryny gorkuzjak we olaryň işine täsir etirjek bolmakda aýyplady.

Eýran iýun aýynda Halkara atom energiýasy gullugynyň iki inspektoryny ýurda goýbermedi. Tähran olaryň Eýranyň ýadro programmasy barada galp maglumat berendigini aýdýar.

Ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy Tähranyň bu kararynyň gullugyň işine bökdençlik döredýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG