Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karter ABŞ-ny Demirgazyk Koreýa bilen ysnyşmaga çagyrýar


ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karter Waşingtony Demirgazyk Koreýa bilen parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy.

Karter şeýle çagyryş bilen “The New York Times” gazetinde çykyş etdi. Bu onuň geçen aýda Phenýana baryp geleninden soňky ilkinji çykyşydyr.

Ol türmede saklanýan ABŞ-yň raýatyny halas etmek üçin Demirgazyk Koreýa barypdy.

Karteriň sözüne görä, Demirgazyk Koreýanyň ýolbaşçylary entegem parahatçylyk meselelerine umytly garaýarlar hem-de Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaragyndan azat bolmagyna taýýardygyny bildirýärler.
XS
SM
MD
LG