Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisioneri Milinkewiç saýlawlara gatnaşmaz


Şu gün Belarusyň esasy oppozisiýa liderlerinden biri Aleksandr Milinkewiç dekabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna özüniň dalaşgär hökmünde gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Ol munuň sebäbini ýurduň häzirki prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi üçin eýýäm häzirden ähli çäreleriň görlendigi bilen düşündirdi.

Bu wakanyň öňýany Aleksandr Lukaşenko şu ýylyň 19-njy dekabryna planlaşdyrylýan prezidentlik saýlawlarynda özüniň dördünji möhlete saýlanmak üçin dalaş etjekdigini bildirdi. Lukaşenko indi 1994-nji ýyldan bäri Belarusa liderlik edip gelýär.

Belarusyň esasy oppozisiýa liderlerinden biri Aleksandr Milinkewiç şu gün Minskde metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda ýurduň oppozisiýa toparlarynyň saýlawlara ýeke-täk kandidaty hödürlemek meselesinde belli bir ylalaşyga gelip bilmändiklerini boýun aldy.
XS
SM
MD
LG