Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň polisiýasy Zakaýewi tussaglykdan boşatdy


Polşanyň polisiýasy Britaniýadan Polşa baran çeçen separatistleriniň lideri Ahmed Zakaýewi tussaglykdan boşatdy. Polşanyň sudunyň ony goýbermek barada karar çykarandygy habar berilýär.

Telewideniýede efire berlen habarda Ahmet Zakaýewiň Warsawadaky suduň jaýyndan ýylgyryp çykyşy görkezildi. Ol bosgunlykdaky çeçenleriň Pultskda geçirilýän halkara kongresiniň ikinji günündäki duşuşygyna gatnaşmagy göz öňüne tutýandygyny hem aýtdy.

Ahmet Zakaýew penşenbe güni Orsýetiň halkara Interpol gullugyna gönderen haýyşy esasynda tussag edilipdi. Ol bosgunlykdaky çeçenleriň halkara kongresine gatnaşmak üçin Britaniýadan Warşawa barypdy.

Orsýetiň häkimiýetleri ony 1990-njy ýyllarda rus harbylarynyň separatistik çeçen söweşijileri bilen alyp baran urşy döwründe terrorçylykly jenaýatçylyklary amala aşyranlykda aýyplaýarlar.

Ahmed Zakaýew 2003-nji ýylda Britaniýadan syýasy gaçybatalga alyp, şondan bäri bu ýurtda ýaşap gelýär.
XS
SM
MD
LG