ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton we Palestin awtonomiýasynyň lideri Mahmut Abbas Ýakyn Gündogaryň parahatçylyk meselesi boýunça gepleşikleriň gidişini maslahatlaşmak üçin Nýu Ýorkda duşuşdy.
Iordan derýasynyň günbatar kenarynda ýewreýler üçin jaý gurmaga gadaganlygyň möhleti 26-njy sentýabrda dolýar. Eger bu gadaganlyk dowam etdirilmese, şu aý Ysraýyl bilen başlanan göni gepleşikleriň kesiljekdigini palestinalylar duýdurýarlar.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Feltmanyň sözlerine görä, Waşington gadaganlygy dowam etdirmäge Ysraýyly yrmaga çalyşýar, şol bir wagtda-da islendik ýagdaýda gepleşikleri dowam etdirmäge palestinalylary çagyrýar.
Şu gün Mahmut Abbasyň BMG-niň Baş assambleýasynda çykyş edýär.