Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň we Braziliýanyň futbol komandalary duşuşar


Şu gün Eýranyň ISNA habar agentligi geljek hepde Eýranyň milli futbol komandasynyň Braziliýanyň futbol komandasy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini habar berdi.

Eýranyň Futbol Federasiýasynyň metbugat sekretary Abbas Torabian bu ýoldaşlyk ýaryşynyň 6-njy ýa-da 7-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljekdigini tassyklady.

Soňky wagtlar Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejatyň Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Holokost tragediýasynyň bolmandygy barada eden beýanatlary bu ýurduň milli sport komandalarynyň halkara duşuşyklaryna-da öz ýaramaz täsirini ýetirdi.

Onuň bu çykyşlarynyň netijesinde Ýewropanyň we Amerikanyň köp ýürtlarynyň futbol komandalary Eýranyň milli komandasy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmekden hem ýüz öwrüp gelýärler.
XS
SM
MD
LG