Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda harby gullugy geçmek üçin aňryçäk ýaş 27-ä getirilýär


Türkmenistanyň Mejlisi «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň proýektini makullady. Onda harby taýdan hasaba alnyşyny ýöretmäge, harby gulluga taýýarlanmaga, girişmäge we geçmäge, ätiýaçda bolmaga we beýleki meselelere degişli düzgünler resmileşdirildi.

Kanun taslamasynda harby gulluga çagyryş ýaşy 18 ýaşdan başlanyp kesgitlenildi. Şeýle hem harby gullugy geçmek üçin aňryçäk ýaş 30 ýaşdan 27 ýaşa çenli azaldyldy.

Bu üýtgetmäniň BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasynyň düzgünlerini nazara almak bilen girizlendigini habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG