Bu habarda şeýle maglumatlar berilýär — ýagny, öň hem kezzapçylyk sebäpli jenaýat jogapkärçiligine çekilen, 1982-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doglan, Suhrab Abdyllaýew işe ýerleşdirmegi söz berip, ençeme adamlardan aldaw ýoly bilen köp möçberdäki pullary alyp gelipdir. Ol daşary ýurt firmasyna işe ýerleşdirmegi söz berip, obadaşlarynyň ençemesinden pul alýar. Sürüji wezipesine işe ýerleşdirmegi wada berip, obadaşlary A.Jumadurdyýewiň, M.Hasanowyň, S.Pirnepesowyň hersinden 550 amerikan dollaryny, H.Permanowa bilen A.Bazarowadan tam süpürijilik wezipesine işe ýerleşdirmegi wada berip, 400 amerikan dollaryny, Ş.Ýakubowadan we N.Ýakubowadan kätip wezipesine işe ýerleşdirmegi wada berip, jemi 700 amerikan dollaryny, J.Ysmaýylowadan tam süpürijilik wezipesine işe ýerleşdirmegi wada berip, 400 amerikan dollaryny aldaw ýoly bilen alýar.
Suhrab Abdyllaýew B.Wafaýew diýilýän kişiden 800 manat alyp gaçyp ýörkä hukuk goraýjy organlar tarapyndan ele düşýär hem-de Türkmenabat şäher kazyýetiniň şu ýylyň 23-nji iýunyndaky çykaran hökümi esasynda Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasynyň 2-nji böleginde görkezilen jenaýatlary etmekde günäli bilnip, 8 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.
Ine, şujagaz habar ýurtdaky sosial ýagdaýdan habar berýär. Şeýle zatlaryň ýüze çykmagyna kim günäkär? Diňe kezzapçylyk ýoly bilen gazanç edýän Suhrab Abdyllaýewmi? Eger ýurtda işsizlik iň bir ýokary nokada çykmadyk bolsa, beýle hadysalar hiç wagt bolmazdy. Adamlar islän işine arkaýyn baryp ýerleşip bilýän bolsalar, aldaýanlar-da bolmazdy, aldanýanlar-da.
Kezzapçylygyň düýbi nirede?
Ýurtda işsizlik örän ýokary. Diňe Türkmenabat şäherinde däl, ýurduň her bir oba-şäherinde ýagdaý şeýle. Suhrab Abdyllaýewiň alýan pullaryndan çen tutup, haýsy işe girmek üçin näçe tölemelidigini bilip bolýar. Sürüji bolmak üçin 550 amerikan dollaryny, tam süpürijilik üçin 400 amerikan dollaryny tölemeli. Bu nyrhy Suhrab Abdyllaýew kesenok, Suhrab Abdyllaýew öz aldaýanlaryna şol işleriň hereket edýän nyrhlaryny aýdýar.
Çagalar baglaryna eneke bolup girmek üçin 700-800 amerikan dollaryny bermeli. Polisiýa işe girmek üçin iki müň amerikan dollaryny bermeli. Köp ýerde tam süpürijilige işe alynýanlar üç aý aýlyksyz işledilýär. Sebäbi şol üç aýyň puluny edaranyň ýolbaşçylary alýar.
Halkyň ýagdaýy aňsat däl. Her edip, hesip edip, iş tapmaly. Iş tapylmasa, maşgala eklenji görgi. Ýokary okuw jaýyny tamamlap, iş tapmaýanlar bar. Onsoň, bilimsiz adamlar hakda näme aýdyp-näme diýip bolar. Köp edaralarda üç adamyň işi bir adama tabşyrylýar.
Kezzaplary ýygnap, türmä ugradanyň bilen ýurtdaky ýagdaý düzelmeýär. Ýagdaýy işsizligi ýok etmek bilen düzetmeli. Gymmatbaha, gerekmejek gurluşyklary azaldyp, halk üçin iş ýerlerini açmaly. Ýa-da halky döwlet iş bilen üpjün edip bilmejek bolsa, jemgyýetçilik guramalaryny açmaga ýol bermeli. Jemgyýetçilik guramalary halk üçin iş ýerleriniň köpelmegine kän haýyr ýetirer. Obalylaryň obadaky zähmetinden peýda geler ýaly, ýerleriň gowulaşmagyny gazanmaly.
Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.