Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Isakson: “Amerikanyň sesi ynamdar bolmalydyr, eşidilmelidir”


Gepleşikler Geňeşiniň gubernatorlarynyň (BBG) başlygy Wolter Isakson öten agşam Birleşen Ştatlaryň halkara gepleşikleriniň täze ugruny yglan edip, onuň «iň kämil metbugat abzallaryna we tehnologiýasyna eýe bolmak bilen dünýä ýüzünde azat maglumaty bogjak bolýanlardan bir ädim öňde bolmalydygyny» nygtady.

Isakson başlyk hökmünde, bilelikde alnanda, hepdede 171 milliondan gowrak tomaşaça we diňleýjä ýetýän Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň (RFE/RL), Amerikanyň sesi telekanalynyň (Voice of America), Azat Aziýa Radiosynyň (RFA), Marti radio-telewideniesiniň (TV Marti), Sawa radiosynyň we Alhurra telewideniýesiniň işine ýolbaşçylyk edýär.

Ol «Biziň repressiýa we çydamsyzlyga garşy täze global darkaşda ýüzbe-ýüz bolýan synaglarymyz Sowuk uruş döwründäkiden uly bolmasa kiçi däl» diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň ilkinji gepleşiginiň efire berilmeginiň 60 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda aýtdy.
XS
SM
MD
LG