Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada on müňlerçe adam proteste çykdy


Ýewropa Bileleşiginiň çar künjeginden bolan onlarça müň adam Brýusellde berklik çärelerine garşy protest ýörişini geçirdi.

Profsoýuz guramalarynyň çagyran protesti Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasynyň defisit, ýagny ýetmezçilik döreden agza döwletleri jezalandyrmak tekliplerine seredýän wagtyna gabat geldi.

Bu hili defisitler köplenç sosial hem iş üpjünçiligi programmalaryny maliýeleşdirmek bilen bagly döreýär.

Bu protestler Polşadan Portugaliýa we Latwiýadan Kipre çenli aralykda, tutuş kontinentde geçirildi.
XS
SM
MD
LG