Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baş sudýa şugulçylyk aýyplamasyny ret edýär


Makedoniýada çap edilen hasabatda ýurduň Konstitusion sudunyň başlygynyň 1960-njy ýyllarda Ýugoslawiýadaky gizlin kommunist polisiýasy bilen hyzmatdaşlyk edendigi aýdylýar.

Sudýa Trendalfil Iwanowski bu aýdylýanlary ret edýär. Ol özüniň gizlin polisiýanyň pidasy bolandygyny we bu komissiýanyň aýyplamalarynyň syýasy äheňlidigini aýdýar.

Sudýa bu aýyplamalar sebäpli öz wezipesinden çekilmejekdigini we aýdylýan zatlaryň Makedoniýanyň Ýokary sudunda seljerilmegini talap etjegini hem sözüniň üstüne goşdy.

Gürrüňi edilýän komissiýanyň taýýarlan hasabaty kommunist zamanyndaky gizlin polisiýanyň şugulçylaryny jemgyýetçilik edaralaryndan işden kowmak üçin taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG