Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministr žurnalistiň ýitmegi iş bilen bagly diýýär


Ukrainanyň içeri işler ministri žurnalist Wasil Klementewiň geçen aýda ýitirim bolmagy onuň derňew žurnalizmi bilen bagly bolup görünýär diýdi.

Içeri işler ministri Anatoliý Mohilow ozal Klementewiň ýitmeginde howpsuzlyk güýçleriniň eli bardyr öýdülýändigini aýdypdy.

67 ýaşly Klementew Harkow şäherinde çykýan hepdelik gazetiň redaktorydy we korrupsiýa barada köp ýazýardy.

Polisiýa Klementewiň ýitirim bolmagy bilen derňew işini açdy. Ol 11-nji awgustdan bäri tapylmaýar we bu ýagdaý halkara metbugat hukuklary toparlarynda uly alada döretdi.

Olar prezident Wiktor Ýanukowiç fewral aýynda işe başlaly bäri Ukrainada metbugat azatlygy ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny we habar serişdelerine basyşyň artýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG