Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahaty geçirildi


Anna güni Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahaty geçirildi.

Maslahatda wise-premýerler öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada ýörite hasabat bilen çykyş etdiler.

Olardan daşary, bu hökümet maslahatynda Türkmenistanyň welaýat häkimleri, hususan-da, Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew, Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow, Daşowuz welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow we Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow öz welaýatlarynyň dürli pudaklaryndaky işleriň, şol sanda pagta ýygym kampaniýasynyň barşy barada-da prezidente hasabat berdiler.

Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönüminiň öňisyrasynda, hususan-da, 8-nji oktýabrda ýylyň geçen 9 aýynyň jemlerine bagyşlanylyp ýörite giňişleýin hökümet maslahatynyň geçiriljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG