Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet asylly iki fizik Nobel baýragyna mynasyp boldy


Şu gün Stokgolmda fizikadan 2010-njy ýyl boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi.

Olar Orsýetde doglan Andre Geým bilen Konstantin Nowoselew. Bu iki alym Nobel baýragyna grafen materialyny, ýagny, adatdan daşary ýuka hem berk uglerod geçiriji örtügini açandyklary üçin mynasyp boldular.

Orsýet asylly iki alymyň açan bu materialynyň elektronika ylmynda we tehnologiýasynda uly rol oýnaýandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG