Azatlyk Radiosy: Hormatly rektor, Oşa türkmenistanly studentleriň hemmesi bardymy?
A.Toktomatow: Ýok, gelenler gaty az. Häzirlikçe resmi maglumat ýok, ýöne gelýänler welin, gaty az.
Azatlyk Radiosy: Siziň Tehnologik uniwersitetiňizde okuwlar başlandymy?
A.Toktomatow: Okuwlar 18-nji oktýabrda başlanýar. Elbetde, gelenler okamak isleýärler, şonuň üçin olar ýol tapyp geldiler.
Azatlyk Radiosy: Köp studentleriň Türkmenistanda galandyklary barada maglumat bar. Şolar barada Oşa baran türkmenistanly studentler näme gürrüň berýärler?
A.Toktomatow: Olar häkimiýetleriň rugsat bermeýändiklerini, ýurtdan çykarmaýandyklaryny gürrüň berýärler. Türkmenistandan özbaşdak çykmagy başaranlar okuwa geldiler.
Azatlyk Radiosy: Şu ýyl siziň Tehnologik uniwersitetiňize Türkmenistandan birinji kursa okuwa girenler barmy?
A.Toktomatow: Ýok. Birinji kursa gelen ýok.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly studentleriň näçerägine Gyrgyzystana barmak başartdy?
A.Toktomatow: 20-30% töweregi geldi. Kollejde okaýanlar geldiler. Ýokary mekdeplerde okaýanlaryň az sanlysy geldi. Olar sessiýany tabşyryp, yzyna gitdiler.
Azatlyk Radiosy: Umuman, Türkmenistanda galan studentleriňize Oşdaky häzirki ýagdaýlar barada näme aýdyp bilersiňiz?
A.Toktomatow: Bu taýda, Oşda, hemme zat kadalaşýar, ýagdaý düzgüne girdi. 10-njy oktýabrda ýurtda parlament saýlawlary geçiriler. Şondan soň, 18-nji oktýabrda okuwlar başlanar.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly studentleriň howpsuzlygyny üpjün etmek nähili bolar?
A.Toktomatow: Studentleriň ählisiniň howpsuzlygyny üpjün ederis. Munuň üçin ähli çäreleri gördük. Biz olary umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdireris, nobatçy goýarys. Eger kwartirada ýaşamak isleseler, olara-da gözegçilik ederis. Mugallymlar olar bilen iş alyp bararlar.