Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lužkow gubernatorlaryň saýlanmagyny gazanmakçy


Häzir Wena gelen, Moskwanyň ýakynda wezipesinden çetleşdirilen şäher häkimi Ýuriý Lužkow özi bilen hyzmatdaşlyk etmäge birnäçe syýasy partiýalaryň we ors syýasatçylarynyň taýýardygyny yglan etdi.

Ol şäher häkimleriniň we gubernatorlaryň saýlawly bolmak düzgünini dikeltmäge çalyşjakdygyny aýtdy.

Moskwanyň öňki meriniň sözlerine görä, ýakyn wagtlarda ol ozaly bilen şahsy hem maşgala meselelerini çözmek bilen meşgullanmakçy.
XS
SM
MD
LG