Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün Russiýa Federasiýasynda ilat ýazuwy başlanýar


Şu gün Orsýetde ilat ýazuwy başlanýar, ol 25-nji oktýabra çenli dowam eder.

Barmasy kyn ýa aşa uzakdaky ençeme regionda ilat ýazuwy aprel aýyndan bäri geçirilýär. Geljek ýylyň aprelinde häzirki geçiriljek ýazuwyň deslapky netijeleri yglan ediler.

Döwlet statistika gullugynyň maglumatyna görä, häzir Orsýetiň ilaty çak bilen 142 million adam, ol 2002-nji ýylda soňky geçirilen ilat ýazuwynyň görkezen sanyndan üç million adam azdyr.

Türkmenistanda ilat ýazuwy BMG-niň arka durmagynda 2012-nji ýylyň dekabr aýynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG