Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda söweşijiler meýletin ýaraglaryny tabşyrýar


Täjigistanyň gündogarynda söweşijiler meýletin ýaraglaryny tabşyryp başlady.

Ýurduň kanun goraýjy organlarynyň maglumatyna görä, meýdan komandirleri Mürzehoja Ahmadow bilen Molla Sadreddin ilkinjiler bolup özüni häkimiýetlere tabşyrypdyr.

Mundan öň söweşijiler bilen gepleşikler geçirmek üçin Täjigistanyň Raşt etrabyna Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary gelipdi.

Meýdan komandirleri bilen, eger olaryň tarapdarlary ýaraglaryny taşlasa, olaryň garşysyna jenaýat işini gozgamazlyk barada ylalaşyga gelnipdi.

Täjigistanyň gündogarynda soňky üç hepdäniň dowamynda söweşijileriň garşysyna uly operasiýa geçirildi. Söweşijiler harby awto kerwene hüjüm edende, 26 adam heläk bolupdy.

Operasiýa başlanaly bäri 16 söweşiji ýok edildi.

Regiona ençeme müň harby hem agyr tehnika getirildi.
XS
SM
MD
LG