Ýurduň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän döwründe-de, sirk sungatynyň ýatyrylyp, teatr we beýleki sungat wekilleriniň maddy we ruhy kösençlikde gezen wagtlarynda-da heýkeltaraşlar gurply ýaşaýardylar.
Türkmenistanda heýkeltaraşlyga ilkibaşdan ünsüň berilmegi ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň görlüp-eşidilmedik derejede galdyrylmagy bilen bagly boldy. S.Nyýazow ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynda öz heýkellerini yzygiderli ýasadyp, her bir edara-kärhananyň öňünde goýdurypdy. Mundan başga-da, S.Nyýazow diňe bir öz heýkellerini däl, eýsem, ýakyn hossarlarynyň-da heýkellerini ýasadypdy.
Heýkelleri ýasamaga ençeme pullaryň harçlanylýandygy barada aýdylýar. Şol heýkelleri ýasaýan heýkeltaraşlar hem öz zähmetleri üçin gaty ummasyz pullary alýarlar.
Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, onuň şahsyýet kulty aradan aýryldy. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda heýkeltaraşlyk sungaty ünsden düşmedi.
«Ylham»
Ýurduň täze saýlanan prezidenti S.Nyýazow ýaly öz heýkelini ýasatmak kampaniýasyny alyp barmady. Ýöne muňa garamazdan, türkmeniň ir döwür ýaşap geçen şahsyýetleriniň heýkelleriniň köp mukdarda ýasalmagyna welin badalga berdi. Bu bolsa ýene heýkeltaraşlara gazanç çeşmesi bolup başlady.
Ýaňy-ýakynda paýtagtyň merkezinde açylan «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumynda gadymy döwrüň tanymal şahsyýetlerinden başlap, XX asyrda ýaşap geçen medeniýet we sungat ussatlarynyň heýkelleri goýuldy. Bu seýilgähiň döredilmegi Nyýazowyň şahsyýet kultundan ýadan halkyň ünsüni biraz sowmakdan ybarat bolupdy.
Şu çaka çenli dürli-dürli şähsyýetleriň şeýle köp mukdardaky heýkelleri Türkmenistanda döredilmändi.
Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine geçäýen ýyllarynda hatda Medeniýet Şahberdiýewa, Maýa Kulyýewa ýaly aýatda diri gezip ýören tanymal sungat adamlarynyň-da heýkellerini döretmegiň zerurdygyny aýdypdy. Ýöne, «Ylham» seýilgähinde diňe merhum döredijilik işgärleriniň heýkelleri goýuldy.
Täze döredilen «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumy juda berk gözegçilik astynda. Ol ýerde polisiýanyň nokady bar. Seýilgäh durşy bilen wideokameralar bilen üpjün edilen.
Nurynyň elindäki dutary döwdüler
Paýtagtyň beýleki seýilgählerindäki heýkellere şunuň ýaly gözegçilik welin, gynansak-da, edilmeýär. Aşgabat şäheriniň 11-nji mikroraýonda ýerleşýän Nury Halmämmedowyň heýkeli hiç bir gözegçiligiň edilmeýänligi zerarly, oňa rehimsizlik bilen daralýar. Bu heýkel indi birnäçe gezek wagşylarça talandy.
Soňky gezek bolsa Nury Halmämmedowyň elindäki dutary döwüldi. Heýkeli restawrasiýa edýänler bu ahwalata kän bir ünsem bermediler. Häzir bu heýkel gara reňke boýaldy. Bu boýag heýkeliň daşky keşbini has-da ýaramazlaşdyrdy.
Häzirki wagtda Nury Halmämmedowyň heýkeli dutarsyz. Heýkeliň öňki kaddyna haçan getiriljekdigi-de gümana. Sebäbi Nury Halmämmedowyň heýkeli ýerleşýän seýilgäl Azatlyk etrap häkimligine degişli. Häkimlik bolsa heýkeli öňki kaddyna getirtmek üçin Medeniýet ministrligine çykmaly, pul harçlamaly.
Şeýle ýagdaýlar şäherde ýadygärliklere ýörite gözegçilik edýän edaranyň açylmagynyň zerurlygyny döredýär. Çünki paýtagtda heýkeller ýyl geldigiçe köpelýär. Emma olara gözegçilik etmeklik welin ünsden düşürilýär.
Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.