Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanyň parlamentiniň jaýyna hüjüm edildi


Düýn ýaragly gozgalaňçylar Çeçenistanyň parlamentiniň jaýyna hüjüm etdiler.

Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň aýtmagyna görä, 20 minut töweregi dowam eden atyşykda hüjümçileriň ählisi öldürildi.

Çeçenistanyň howpsuzlyk gullugynyň 17 işgäriniň ýaralanandygy habar berilýär.

Mejlisiň jaýyndaky ähli hökümet işgärleri hüjüm başlanandan soň “ewakuasiýa” edildi diýip, Kadyrow aýtdy.

Şu gün Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýew bolup geçen wakalary derňemek üçin Grozna bardy.

Nurgaliýewyň aýtmagyna görä, Çeçenistandaky ýygy-ýygydan bolýan hüjümlere garamazdan, ýurtdaky ýagdaýlar “durnukly we asuda” bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG