Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelanyň we Eýranyň liderleri gepleşik geçirdi


Wenesuelanyň we Eýranyň liderleri “dünýäde täze düzgünleri ornaşdyrmaga” ýykgyn etjekdiklerini, şol düzgünlerde Günbatar ýurtlarynyň global problemalaryň çözgüdine düýpli täsir ýetirip bilmeli däldigini yglan etdiler.

Mahmut Ahmedinejat we Hugo Çawes Tähranda gepleşikler geçirip, onuň soňunda iki ýurduň “strategik hyzmatdaşlygyny” pugtalandyrmakçydygyny aýtdylar.

Saparyň dowamynda energiýa we söwda pudagynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi. Liderleriň ikisi-de ýene ABŞ-ny tankytladylar.

Hugo Çawes Eýrana uzak wagtlyk daşary ýurtalara saparynyň çäginde geldi. Ol eýýäm Orsýetde, Belarusda, Ukrainada boldy. Ol Eýrandan soň Siriýa, Liwiýa we Portugaliýa barmakçy.
XS
SM
MD
LG