Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Päkistana 2 milliard dollarlyk harby kömek bermekçi


Anna güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Päkistana 2 milliard dollar möçberinde harby kömegiň beriljekdigini aýtdy. Ol bu barada Päkistanyň premýer-ministri Şah Mahmud Kureşi bilen Waşingtonda geçiren gepleşikleriniň barşynda aýtdy.

“Ekstremizmiň iki döwlete abandyrýan howpuna garşy göreşmekde Birleşen Ştatlaryň Päkistan ýaly güýçli hyzmatdaşy ýok. Biz Päkistanyň her bir adamynyň, esasanam harbylarynyň parahat ýagdaýy döretmek boýunça Päkistanyň howplaryna garşy alyp barýan göreşlerini bilýäris we olary goldaýarys” diýip, Klinton aýtdy

Klintonyň aýtmagyna görä, prezident Obamanyň administrasiýasy 2012-2016-njy ýyllar aralygynda Päkistana harby goldaw hökmünde 2 millard dollar kömek bermek baradaky kanuny Kongresden goldamagyny sorar.

Bu kömek amerikan Kongresiniň geçen ýyl kabul eden 7,5 milliard dollarlyk programmasyna goşmaça goldaw bolar. Şol programmanyň öňde goýýan maksady Päkistandaky mekdepleri, ýurduň daşky gurşawyny we demokratik institutlaryny ösdürip, yslam ekstremizminiň täsrini gowşatmakdan ybarat.
XS
SM
MD
LG