Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň hukuk goraýjy işgärleri ABŞ bilen tanyşdylar


ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň "Türkmeninstanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin iňlis dili okuwlary" atly maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň, Interpolyň, Neşelere garşy goreşmek baradaky döwlet gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň dört sany wekili oktýabr aýynyň 11-den Birleşen Ştatlarda bir hepdelik saparda boldy. Bu barada Ilçihananyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Saparyň dowamynda olar ABŞ-nyň Serhet we gümrük gullugynyň, ABŞ-nyň Neşelere garşy göreşmek boýunça gullugynyň, ABŞ-nyň Adalat ministirliginiň jenaýatlary derňemegiň usullaryny okatmak boýunça halkara okuw maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşdylar diýlip, habar berilýär. Olar Wirjiniýa ştatynyň Kwantiko şäherinde ýerleşýän Federal derňew býurosynyň (FBI) akademiýasyna hem baryp görüpdirler.

Iňlis dilini öwrenmek maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara neşe serişdelerine garşy göreş we hukuk gözegçiligi baradaky býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
XS
SM
MD
LG