Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Buşehrdäki atom stansiýasyna ýangyç iberilip başlandy


Eýranyň mediasynyň şu günki beren maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň günortasynda ýerleşýän Buşehr şäherindäki atom stansiýasyna ýangyç iberilip başlanypdyr.

Orsýet tarapyndan gurlan bu atom stansiýasy şu ýylyň awgust aýynda işe girizilipdi, emma käbir näsazlyklar sebäpli ol doly derejede işläp bilmedi.

Eýranyň resmileriniň aýtmagyna görä, 2011-nji ýylda bu stansiýa 1000 m/w energiýany öndürip başlar.

Orsýet Eýrany baýlaşdyrlan uran bilen üpjün edýär. Ol ulanylan ýangyjyň galyndylaryny yzyna almaly.

Eýran ýadro programmasyny togtatmakdan ýüz öwürendigi üçin Birleşen Milletler Guramasy onuň garşysyna sanksiýa girizipdi.
XS
SM
MD
LG