Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýörite hökümet maslahaty geçirildi


Çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna bagyşlanylyp, ýörite hökümet maslahaty geçirildi.

Maslahata hökümet agzalary bilen birlikde, ýurduň halk-hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýolbaşçylary, harby we kanun goraýjy organlaryň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar.

Öz eden çykyşynda prezident G.Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylary garaşsyzlyk baýramçylygy bilen gutlady. Soňra döwlet lideri işlerinde tapawutlanan käbir resmileri sylaglar bilen sylaglady. Ýöne nämüçindir sylaglar we çinler diňe ýurduň harby hem-de kanun goraýjy edaralarynyň resmilerine berildi.

Hususan-da, prezident G.Berdimuhamedow «garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň howpsuzlygyny berkitmekde hem-de raýatlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen jümle astynda harby we kanun goraýjy organlaryň resmilerinden birnäçesine «Garaşsyzlygyň 19 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaraly parada gatnaşyja» diýen ýadygärlik medalyny gowşurdy.

Mundan daşary, ol Türkmenistanyň Goranmak ministri Ý.Berdiýewi, Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowy, Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanowy, Neşelere garşy göreş boýunça Döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýewi we Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýewi «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» diýen medalyň 3-nji derejesi bilen sylaglady.

«Birkemsiz gullugy üçin» diýen medalyň 3-nji derejesi bilen hem Içeri işler ministri I.Müllikow sylaglanyldy.
XS
SM
MD
LG