Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i ors resmilerine protest bildirýär


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepden ikinji) we Orsýetdäki türkmen ilçisi Halnazar Agahanow (çepde) ors-türkmen komissiýasynyň duşuşygynda, Moskwa, 5-nji ýanwar 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepden ikinji) we Orsýetdäki türkmen ilçisi Halnazar Agahanow (çepde) ors-türkmen komissiýasynyň duşuşygynda, Moskwa, 5-nji ýanwar 2010-njy ýyl.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň energiýa syýasaty bilen bagly ors metbugatynda soňky çykan habarlara protest bildirip, resmi beýanat ýaýratdy.


Ýakynda rus hökümetiniň wise-premýeri Igor Seçin Orsýetiň «Kommersant» gazetine beren interwýusynda Hazarýaka gaz geçirijisini gurmak baradaky proýektiň Ýewropa Bileleşiginde gaza bolan isleg ýokarlanýança soňa goýulmaly bolandygyny aýdypdy.

Şeýle hem I.Seçin Orsýetiň “Gazprom” ýangyç kompaniýasynyň Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak proýektine gatnaşmagynyň mümkindigini aýdyp, bu ugurda “Gazpromyň” we türkmen wekilleriniň gepleşik geçirýändiklerini mälim edipdi.

Türkmen DIM-i bu maglumatlaryň esassyzdygyny aýdyp, şeýle habarlaryň Türkmenistanyň energiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyna päsgel bermäge synanyşyk hökmünde kabul edilýändigini duýdurýar we ýurduň Ýewropa bilen energiýa gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça tagallalaryna goşulyşmakda Orsýeti aýyplaýar.

2007-nji ýylda Türkmenistan, Gazagystan we Orsýet Hazarýaka gaz geçirjisini gurmak baradaky ylalaşyga gol çekipdi. Aşgabat bu proýektiň özüne degişli böleginiň gurluşygyna başlandygyny aýdyp, gaz geçirijiniň gurluşygynyň doňdurylýandygy baradaky ors resmileriniň eden çykyşynyň “geň galdyrandygyny” belleýär.

“Görnüşe görä, şeýle çykyşy eden tarap öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmeýär ýa-da ýerine ýetirmek islemeýär” diýlip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Şeýle hem beýanatda Türkmenistanyň Orsýetden sowa Ýewropa gaz satyp bilmejekdigi baradaky Orsýetiň wise-premýeri I.Seçiniň aýdanlary ret edilýär we Türkmenistan özüniň energiýa syýasatynda Ýewropa ugruny hem giňeltmegi dowam etdirer we kimler bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini özbaşdak kesgitlär diýilýär.

“Türkmenistan Ýewropanyň ynamly we abraýly kompaniýalary bilen dürli ugurlar, şol sanda energiýa pudagy boýunça hem ylalaşyklara gol çekişdi. Bu çäreler ykdysady we kommersiýa taýdan seredeniňde mantykly. Orsýetiň satyn alýan türkmen gazynyň möçberini azaldandygy göz öňünde tutulanda, bu mesele has hem aktual bolmagynda galýar” diýlip, DIM-iň beýanatynda aýdylýar.

Moskwa Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektini öz gaz geçiriji proýektlerine bäsdeş hasaplaýar. Bir tarapdan, türkmen gazynyň Orsýetden sowa Ýewropa akdyrylmagy Moskwanyň ykdysady bähbitlerine ters gelýän bolsa, beýleki tarapdan, bu Orsýetiň regiondaky syýasy agramyny gowşadar diýlip, çak edilýär.

Sentýabr aýynyň başynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin hem “Nabukko” proýektine degip geçip, şeýle diýipdi: “Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň territorial bölünişigi boýunça dawa bar. Şu şertlerde sistemany ýola goýmak, meniň pikirimçe, kyn. Eger mümkin däl diýmek bolmaýan bolsa, men örän sypaýy dil bilen aýdýaryn”.

Putiniň pikiriçe, bar bolan problemalar "Nabukko" proýektiniň durmuşa geçirilmek ähtimallygyna ullakan sorag alamatyny goýýar. “Emma uzakmöhletleýin ylalaşyga gol çekişmezden milliardlarça puly maýa goýmaga taýýar kompaniýalar bar bolsa, teoretiki taýdan seredeniňde, bu proýektiň durumuşa geçirilmeginiň mümkindigini aradan aýyrmaýaryn” diýip, W.Putin aýlawly gürläpdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan proýekti boýunça hem ors kompaniýalary bilen hiç hili ylalaşyga gol goýulmandyr. Proýekte gatnaşmak isleýän daşary ýurt kompaniýalary bar bolsa, bu barada degişli taraplar bilelikde karar alarlar diýlip nygtalýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy Orsýetiň resmilerini mundan beýläk bu ugurlarda çykyş etmekçi bolanlarynda jogapkärçilik duýmaga hem-de dogruçyl maglumatlary bermäge çagyrdy.

Bu “söz urşy” Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana eden saparyndan köp wagt geçmänka ýüze çykdy. Ors prezidentiniň şol saparynyň şowly geçendigi habar berlipdi.

2009-njy ýylyň aprel aýynda “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlamada hem Türkmenistan Orsýeti aýyplapdy we “Gazpromyň” turbadan alýan gazynyň mukdaryny çürt-kesik azaltmagynyň partlama sebäp bolanlygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG