Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz parlament saýlawlarynyň netijesi soň yglan ediler


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýew ses sanalyşygynda goýberilen birgiden ýalňyşlyklar sebäpli, parlament saýlawlarynyň resmi netijesini yglan etmek çäresiniň gijikdirilýändigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň «24 kg» atly ýerli täzelikler saýtyna beren interwýusynda ol ýerli saýlaw komissiýalarynyň agzalarynyň goýberen bu ýalňyşlyklaryny indi Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň düzetmek bilen meşgullanjakdygyny mälim etdi. Ýöne ol bu ýalňyşlyklaryň nämelerden ybaratdygy barada welin anyk gürrüň etmedi.

Bu wakanyň öňýanyndaky günlerde parlament saýlawlarynda iň köp ses alan partiýa diýlip hasaplanylýan milletçi «Ata-Žurt» partiýasynyň tarapdarlary ses sanawlarynyň netijeleriniň resmi ýagdaýda yglan edilmegini talap edip, protest demonstrasiýalaryny geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG