Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryh gaýtalanarmy?


(sagdan-çepe)Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow, hazirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň öňki başlygy, S.Nyýazow ýogalandan soň tussag edilen Öwezgeldi Ataýew
(sagdan-çepe)Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow, hazirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň öňki başlygy, S.Nyýazow ýogalandan soň tussag edilen Öwezgeldi Ataýew
26-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň 19 ýyllyk garaşsyzlyk toýuna bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň baýramçylyk maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew çykyş edip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy wezipesinde ömürlik oturmaga çagyrdy. Myrat Garryýew diňe Türkmenistanda däl, eýsem ýurduň daşynda hem ençeme ýyllar bäri ýallaklyk etmekde özüni tanadyp gelýär. Ol ýurtda Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultuny döretmekde-de uly rol oýnanlaryň biridi.

Ýaşy 80-ne golaýlan, huşundan jyda düşen, syrkaw adamyň Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy wezipesinde oturdylmagy türkmen halkynyň äsgerilmän, ýörite onuň mertebesini depelemek üçin edilen hereketdigine düşünmek kyn däl. Myrat Garryýewiň agzyndan çykýan sözler oňa ýörite öňünden ýazylyp berilýär. Akyly-huşy göçen garra bolsa, şol sözleri köpçülikde sakynman aýdaýmak galýar. Şeýle sahnalary kim we nahili ýagdaýda döredýärkä diýen sowal hemmelere-de gyzykly bolsa gerek?

Entek Türkmenistan garaşsyzlygyny almanka, her respublikada bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1990-njy ýylda prezidentlik wezipesi döredilýär. Dogry 20 ýyl mundan öň 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda bir adamynyň dalaşgär görkezilmeginde geçirilen prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 98,3%-niň seslerini aldy diýlip, Saparmyrat Nyýazow prezident edilýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda garaşsyz Türkmenistanyň täze Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, şol ýylyň iyun aýynda täze prezident saýlawlary geçirilýär. Şol saýlawda hem Saparmyrat Nyýazow ýeke-täk dalaşgär bolup, resmi maglumata görä, saýlawçylaryň 99%-niň sesini alýar we Garaşsyz Türkmenistanyň prezidenti wezipesini eýeleýär.

Elbetde, ol geçen saýlawlaryň ikisi hem hakyky demokratik prinsiplere gabat gelmeýärdi. Sebäbi 19-njy asyryň ortalarynda han saýlap-seçen-de bolsa, türkmenler soňra 100 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda öz isleglerine görä ýolbaşçy saýlap görmändiler. Olarda bu endik ýitip gidipdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň ilkinji günleriniň agyr bolmagy diňe SSSR-iň dargamagy sebäpli däldi, eýse Saparmyrat Nyýazowyň döwlet dolandyrşynda goýberen gödek ykdysady we syýasy ýalňyşlyklarynyň-da netijeleridi. Belli rus ykdysatçysy Ýegor Gaýdar özüniň “Imperiýanyň ölümi” diýen işinde şeýle maglumatlary getirýär: “SSSR ýykylanda öňki respublikalaryň içinde diňe Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan respublikasy özbaşdak ýaşamaga ukyplydy. Galan respublikalarda beýle ýagdaý ýokdy”. Ine, şu faktlardan ugur alaňda-da, köp zatlaryň syry aýdyň bolýar.

Prezidentlik wezipesine Konstitusiýada 5 ýyllyk möhlet berilmegi, elbetde, adaty demokratik döwletleriň praktikasyndan ugur alnandygy bilen düşündirilýär. Saparmyrat Nyýazow we onuň şol wagtky egindeşleri Onjuk Musaýew, Myratberdi Sopyýew, Myrat Garryýew we beýlekiler döwleti “Artygyň harmanyna” öwrüp, ony yzygider öz bähbitlerine ulanmagy dowam etdirmek üçin we garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda goýberen ýalňyşlyklaryna jogap bermezlik üçin 1994-nji ýyldaky ýaşulularyň maslahatynda 1997-nji ýylda nobatdaky geçirilmeli prezident saýlawlaryny indiki bäş ýyllyga, 2002-nji ýyla süýşürýärler. Şeýtmek bilen Nyýazowyň ýolbaşçylygyndaky topar hereket edýän Konstitusiýanyň garşysyna gidip, ony depeleýärler. Haçan-da 1999-njy ýylda 9-njy Halk maslahaty geçende, Saparmyrat Nyýazow 2002-nji ýylda geçmeli prezident saýlawyny ýatyryp, özüni müdimi prezident hökmünde ykrar etdirýär. Bu hem Konstitusiýanyň iň möhüm maddalarynyň ikinji sapar depelenmegine getirýär.

“Meniň ýagdaýym başga...”

Saparmyrat Nyýazow halkara guramalaryň wekilleri bilen görşende, her gezek prezidentlik wezipesi barada gürrüň gidende “Meni ilkinji prezident bolanym üçin halkym maňa hormat edip, ömürlik prezident etdi. Soňky prezidentler ömürlik bolmaz. Olar hökman saýlanyp durar” diýip, jogap beripdi.

Nyýazowyň dünýeden ötmegi diňe türkmenleriň arasynda däl, eýse dünýä jemgyýetçiliginde hem Türkmenistanyň demokratiýa tarap ýörejekdigine uly ynam döretdi. Halk ýene Konstitusiýanyň depelenip, bikanun ýol bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bellenmegine gözüni ýumdy, çünki halk täze prezidentden umytly boldy.

Häzirki gün Myrat Garryýewiň eline ýazylyp berlen sözler diňe Gurbanguly Berdimuhamedowa bähbitlimikä? Berdimuhamedow syýasy oýunlardan gaty daşda durýan adam. “Häkimlik adamy azdyrýar” diýlişi ýaly, onda hem men-menlik her bir bisowat türkmende bolşy ýaly günsaýyn ösýärmika? Eger şeýle bolsa, bu ýagdaýdan onuň kömekçileri we olaryň arkasynda durýan döwletler öz bähbitleri üçin peýdalanmazlarmy?

Ýene birki hepdeden Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde we adaty geçirilýän ýygnakdyr-maslahatlarda Myrat Garryýewiň Gurbanguly Berdimuhamedowy ömürlik prezident etmek hakyndaky teklibi ýol alyp ugrasa, onda Türkmenistan awtoritarizmden ýene-de totalitarizme tarap ädim äder. Beýle ýagdaý hem ýene aýylganç diktatura ýol açar. Bu hem uzak ýyllar dowam eder. Ýurt öz hakyky asudalygyny ýitirer, dartgynlylyk gaty güýçli bolar, jemgyýetde dürli radikal güýçleriň döremegine getirer. Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginden özüni izolirlär, ýurduň daşy we içi demir çorşuk bilen gabalar. Başgaça pikir edýän adamlara “watan dönükleri” diýler!

Belkem, taryhyň çarhy bu gezek başga ýoly saýlar? Ol hem häzirlikçe diňe Gurbanguly Berdimuhamedowyň erk-islegine, galyberse-de halkyň aň-düşünjesine bagly....

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG