Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus tütjarynyň bankyna ýaragly reýd geçirildi


Orsýetiň metbugat we bank tütjary Aleksandr Lebedewiň eýeçiligindäki bankyň Moskwadaky baş edarasyna ýaragly polisiýa reýd geçirdi.

Biznesmeniň kömekçisi Artýom Artýomow Lebedewiň Moskwa polisiýasynyň 30 çemesi ýaragly ofiseri «Milli rezerw» bankynyň daşyny gabap, soň içine girende bankyň içinde bolandygyny aýtdy.

Artýomow polisiýanyň kompaniýanyň dokumentlerini dörendigini, emma olaryň näme gözleýändigini bilmändigini aýtdy.

Moskwa polisiýasynyň sözçüçi bu reýdi tassyklady, ýöne başga zat aýtmady.

Lebedew öňki prezident Mihail Gorbaçýow bilen bile oppozisiýadaky «Nowaýa gazeta» eýelik edýär.

Şeýle-de ol Britaniýanyň “Evening Standard” we “The Independent” gazetlerine eýelik edýär.

Lebedewiň Aeroflotda we Gazpromda hem paýlary bar.
XS
SM
MD
LG