Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kabuldaky ilçihanasyna 500 million dollar harçlaýar


Birleşen Ştatlar özüniň Kabuldaky ilçihanasyny giňeltmek üçin 511 million dollar harçlajagyny aýtdy.

Ilçi Karl Eýkenberri gurluşyk meýdançasynyň gyrasynda çykyş edip, bu işiň Birleşen Ştatlaryň örän möhüm howpsuzlyk, hökümet, ykdysady we graždan jemgyýeti programmalaryny durmuşa geçirmeklige ýardam etjegini aýtdy.

Ol şu ýylyň başynda başlanan we 2014-nji ýylda tamamlanjak proýekt boýunça häzir 500 çemesi owgan işçisiniň işleýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ilçiniň aýtmagyna görä, gurluşyk ýaýbaňlansa, 1500-den gowrak owgan işçisi işe alnar.
XS
SM
MD
LG