Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz ýadro programmasy barada gepleşik geçirmekçi


Birleşen Statlaryň resmileri Eýranyň öz ýadro programmasy boýunça täzeden gepleşiklere başlamak üçin anyk bir günüň bellenmegini teklip edenligini mälim etdiler.

Waşingtonyň maglumatyna görä, Tähran bu teklip bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aştona ýüz tutupdyr.

Dünýäniň alty güýçli ýurdunyň adyndan Eýran bilen gepleşik geçirýän Aşton mundan ozal Tähran bilen geçirilmeli diskussiýa üçin 15-nji noýabry teklip edipdi.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Filip Krowleý bu teklibe Tähranyň eýýäm resmi taýdan jogap berendigini aýtsa-da, bu barada takyk maglumat bermedi.
XS
SM
MD
LG