Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň sammiti başlandy


Şu gün Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň we Ukrainanyň sammiti başlandy. Onuň gün tertibiniň baş temasy energiýa meseleleri boljaga meňzeýär.

Ukraina Orsýetiň gazyny Ýewropa daşamakda möhüm tranzit ýurt hasaplanýar. Emma gaz üçin tölegler barada Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky oňşuksyzlyk geçmişde ors gazynyň Ýewropa akdyrylyşynyň kesilmegine sebäp bolupdy.

Ýewropa Bileleşigi we Ukraina iki tarapyň arasyndaky gepleşiklerdäki ösüşler barada hem maslahat eder.

Bu duşuşyk şu ýylyň başlarynda prezident saýlanan Wiktor Ýanukowiç üçin iki tarapyň arasyndaky ilkinji sammit bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG