Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton Astanada ÝHHG-niň Sammitine gatnaşar


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň ýurtlaryna edýän diplomatik saparynyň çäginde Gazagystana bardy.

Hillari Klinton Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Astanada boljak ýokary derejeli Sammitinde amerikan delegasiýasyna baştutanlyk eder.

Klinton Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew we daşary işler ministri Kanat Saudabaýew bilen hem duşuşar.

Şeýle-de, Hillary Klinton Gyrgyzystana we Özbegistana-da barar. Onuň barjak soňky ýurdy Pars aýlagyndaky Bahreýn bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG