Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Täjigistana gazyň tölegi barada duýduryş berýär


Özbegistanyň häkimiýetleri özbek gazy üçin Täjigistanyň 1.6 million dollar bergisini üzmedik halatynda, Özbegistanyň bu ýurda gaz akdyrmasyny bes etjekdigini mälim etdiler.

“Tojiktransgaz” kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, özbek tarapy gaz üçin bergini üzmegiň soňky möhletini kesgitlemändir.

Häzirki wagt Täjigistanyň resmileri ýurduň energiýa bergilerini üzmek üçin Dünýä Bankyndan 5 million dollar karz pul almak barada gepleşik geçirýärler.

Täjigistanyň gaz üçin tölegini wagtynda tölemeýändigi sebäpli Özbegistan gazyň akdyrmasyny yzygiderli azaldyp ýa-da togtadyp gelýär. Şeýle-de, Özbegistanyň Täjigistan bilen öz arasyndaky käbir beýleki dawalary sebäpli hem gaz akdyrmasyny wagtal-wagtal togtadýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG