Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

H.Klinton Bahreýinde Eýranyň meselesi barada çykyş etdi


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Tähranyň ýadro ýaraglaryny döretmek howpy bilen öz goňşularyny hem alada goýýandygyny aýtdy.

Ol bu barada şu gün Bahreýinde edeň çykysynda belledi. Geljek duşenbe güni Ženewada Eýran bilen dünýäniň alty iri döwleti özara gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýarlar.

Eýran özüniň ýadro programmasy arkaly ýadro ýaraglaryny döretmeýändigini aýdýar.

H.Klinton Ýakyn Gündogaryň howpsuzlygy bilen baglanyşykly «Manama dialogy» diýlip atlandyrylýan gepleşikleriň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Bahreýne bardy.
XS
SM
MD
LG