Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda maýyplaryň Halkara güni bellenip geçildi


Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminiň maglumatyna görä, Türkmenistanda maýyplaryň Halkara gününe bagyşlanyp tegelek stol söhbetdeşligi geçirilipdir.

Bu söhbetdeşligiň esasy maksadynyň maýyplaryň jemgyýetdäki roluny nygtamak bolandygy habar berilýär.

Bu tegelek stol söhbetdeşligine halkara guramalarynyň wekilleri, ene-atalar, maýyplara tälim berýän mugallymlar, şeýle-de maýyplaryň meseleleri boýunça iş alyp barýan hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşypdyrlar.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky işleri wagytlaýyn ynanylan wekili, ilçi Eýlin Malloý bu söhbetdeşlige gatnaşyjalara ýüzlenip, çykyş edipdir.

1992-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji dekabry maýyplaryň Halkara güni diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG