Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň Sammiti tamamlandy


Düýn Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň arasynda geçirilen özara Sammitden soň eden çykyşynda “Orsýetiň Dünýä söwda guramasyna girmek meselesi praktikada hakykata öwrülip barýar” diýip belledi.

Brýusselde geçen bu Sammitiň baş temasy Dünýä söwda guramasyna Orsýetiň goşulmagy barada boldy. Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bu meselede Moskwa goldaw bildirdiler.

Sammitiň öňýany ähli jedelli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ýorite memoranduma hem gol çekilipdi.

Gürjüstan Orsýetiň Dünýä söwda guramasyna girmegine öňküleri ýaly garşy çykýar. Eger Tbilisi pozisiýasyny üýtgetmese, onda Orsýet bu gurama girip bilmez.

Sammitde wiza režimini ýatyrmagyň perspektiwalary barada-da maslahat edildi.
XS
SM
MD
LG