Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Osloda Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler


Şu gün Norwegiýanyň paýtagty Osloda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.

Düýn metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Torbýorn Ýagland köptaraply adam hukuklaryny goraýyş gymmatlyklaryndan ugur alyp, bu baýragyň hytaýly dissident Liu Şiabo berilýändigini aýtdy

Şol bir wagtyň özünde-de Torbýorn Ýagland bu baýragyň Hytaýa garşy gönükdirilmändigini nygtady.

Bu gezekki baýrak gowşuryş dabarasyna baýragyň eýesi, hytaýly dissident Liu Şiabo we onuň wekillerindenem hem hiç kim gatnaşmaz.

Liu Şiabo häzirki wagt döwlete garşy iş alyp barmak boýunça aýyplamalaryň esasynda 11 ýyllyk türme jezasyny çekýär. Hytaý häkimiýetleri baýragy almaga gitmegi onuň garyndaşlaryna-da gadagan etdi.

Hytaý Liu Şiabo baýrak berilmegine düýpli nägileleik bildirdi we daşary döwletleri Oslodaky baýrak gowşurylyş dabarasyny boýkot etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG